Örän täsin we owadan çuňlugyň – Werdon jülgesiniň üstünden täsin galdyryjy uçuş

Örän täsin we owadan çuňlugyň – Werdon jülgesiniň üstünden täsin galdyryjy uçuş

Fransiýanyň meşhur we görnükli jülgeleriniň biri bolan – Werdon jülgesiniň adyny (fr. Gorges du Verdon) hut “Werdon Damagy” diýip göni terjime etmek mümkin. Hakykatdan hem bu tebigy “ýadygärlik” özüniň ajaýyp görnüşi bilen uzyn we onuň içine düşýän ähli zady ýuwutmaga taýýar bolan, akyla sygmajak çuňlukdaky bokurdagy ýatladýar. Ägirt uly hekli kanýonyň şekiline eýe bolan Werdon Jülgesi asyrlar boýy diňe mertleri özüne “golaýlaşdyrýardy”.

 

Umuman, şular ýaly janly we biziň döwrümizde belli bolan ýer, XIX-njy asyra çenli, haçan-da umytsyz romantikler başdan geçirmeleriň we ajaýyp peýzažlaryň gözleglerinde bu ýere gelýänçäler, hiç kimiň üýtgeşik ünsüni çekmedi. We biziň günlerimizde hem Werdon jülgesiniň töwereginde ýeke bir, bu ýerlerdäki howply dag ýollaryny özünde synap görmegi isleýän, umytsyz syýahatçylary däl, eýsem, bu zatlaryň ählisini: kanýonyň we oňa çagyryş berýän batyrlaryň ilki dörän gözelligini, suratlandyrmak isleýän köp sanly suratkeşlere hem duş gelip bilersiňiz.

Eger-de siz şolaryň biri bolup, inçe pyýada ýoldan öz janyňyza töwekgellik edip we howpsuz aşak sypmak, “ýiti” duýgylary başdan geçirmek we täsin galdyryjy görnüşlerden lezzet almak isleýän bolsaňyz, awiasiýanyň ynamdar AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynyň taýy bolmadyk teklibinden peýdalanyp bilersiňiz. Biziň kompaniýamyz uzak ýyllaryň dowamynda Fransiýada, Monakoda we Ýewropada öz hyzmatlary bilen üpjün edip gelýär. Biz size şulary teklip edýäris:

  • Fransiýadaky Werdon jülgesine dikuçarda syýahat etmek baradaky düşünjäni;
  • Rahatlygy we howa gämisiniň bortundaky howpsuzlygy,
  • Doly gizlinligi,
  • Howa gämisiniň salonunda VIP-hyzmatlary,
  • tejribeli we ökde ekipažy,
  • iň amatly bahalary,
  • hemişelik müşderileri üçin arzanladyşy.

Werdona bolan baş aýlandyryjy dikuçar gezelenji

Tejribeli topar bilen we isleg bildiren ýagdaýyňyzda gidiň we terjimeçiniň gatnaşmagyndaky Werdon jülgesiniň üstünden dikuçarda uçup geçmek size ýatdan çykmajak lezzet berýär. Guş uçar beýiklikden siz, Alp Ýokary Prowansyň departamentleri we War arasynda ýerleşýän ýeriň gözelliklerini synlap baha berip bilersiňiz. Bu fransuz kanýonyň çuňlugy akyla sygmajak bolup görüner, sebäbi onuň çuňlugy 700 metre barabar bolup, dikuçaryň bortundan bolsa has çuň görünýär. Gadym döwürlerde adamlar Werdon jülgesiniň içine girmäge töwekgelçilik etmäge gorkupdyrlar, we ýeke birnäçe batyr agaç kesijileri, onuň jümmüşine agaçlaryň seýrek duş gelýän görnüşiniň gözleginde ýüp daňyp giripdirler. Bu gün Werdon jülgesine diri galmak üçin däl, eýsem töwekgellçilik edip, göz öňüňe getirip bolmajak joşguny we bu täsin ýeriň tebigatynyň beýikligini bedeniň her bir öýjügi bilen başdan geçirmek üçin gidýärler.

Werdon jülgesine dikuçardaky uçuş – bu hakykatdan hem uly şowhun.bolup durýar. Goralýan tebigy boşluklaryň töwereginde syýahatçy üçin synlamaga teklip edilýän panorama görnüşleri baş aýlandyryjydyr, we jat açan ýerleriň gyralaryndaky gadymy obalar hem gadymy prowansal ilatly ýerleriniň özüne çekijiligini saklap galypdyr. Dikuçaryň bortuna münüň we özüňiz üçin bu ajaýyp ýeri açyň – bu uçuş barada siz hiç haçan ýatdan çykarmarsyňyz!

 

Werdon jülgesine bolan siziň dikuçar gezelenjiňiziň meýilnamasy

– Dikuçar meýdançasyndaky duşuşyk. Bu ýerde uçarman, gezelenç etmäge çagyrmak bilen howa gämisinde size garaşar.

– Gatnawdan öň howpsuzlyk düzgünleri, şeýle-de hem siziň dikuçardaky gezelenjiňiziň meýilnamasy bilen tanyşdyrmak.

– Gezelenje gatnaşyjylaryň ählisiniň öz ýerlerine ýerleşeninden soňra dikuçar asmana galar we Werdon jülgesiniň üstünden uçup geçer. Uçuş bir sagat dowam eder we eger-de bir zatlary doly synlap ýetişmeseňiz, uçuşy siziň öz islegiňiz boýunça uzaldyp bilersiňiz.

 

– Syýahatyň dowamynda siz şu ýerlere tomaşa edip lezzet alyp bilersiňiz:

  • birnäçe kilometrlere uzap gidýän, Werdon jülgesiniň uly hekli gaýalaryny;
  • Sent-Kurs kölüni we onuň mawy suwlaryny;
  • Mustýer-Sent-Mari, Egin, Lýa-Palýud-sýur-Werdon, Boduen we şuňa meňzeş prowansal obalaryny.

– Ahyrynda bolsa siz syýahatyňyzyň ilki başlanan nokadyna gelersiňiz.

 

Dikuçar gezelenjiniň aýratynlyklary

 

Ýolagçylaryň sanyna baglylykda size dikuçarlaryň dürli kysymlaryny teklip ederler.

 

Peýdaly maglumatlar

  • 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar ulylaryň garamagynda bolmaly;
  • Uçuş Werdon jülgesiniň daş töweregi barada gürrüň bermek bilen alnyp barylýar;
  • Ähli ýolagçylary hem uçuş meýdanynda panorama görnüşine eýe bolýarlar.

 

Werdon jülgesini guş uçar beýiklikden synlamak ýeketäk mümkinçiligini elden bermäň!

t98books

Comments are closed.