Mundan ýokarda diňe ýyldyzlar

Mundan ýokarda diňe ýyldyzlar

Fransiýanyň Lazur Poberežýesindäki glamur Kannalarynyň üstünden dikuçarda haýaljak ýokary galmak bilen, özüňizi ýyldyz hökmünde duýuň! Kruazette AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy tarapyndan dikuçar gzelençleri size ýeke bir ajaýyp panorama görnüşlerini, “ýyldyz ýaly ululykdaky” ýatdan çykmajak duýgulary teklip etmäni, eýsem kireýine alan howa gämiňiziň bortundaky akyla sygmajak rahatlygy hem teklip edýär.

Kannadaky meşhur Naberežny Kruazettiň depesinden, “ýyldyzlaryň hemişelik mesgeni” bolan ýerden dikuçardan ökdelik bilen peýdalanmakdan we özüňi bu ýyldyzlaryň biri hökmünde, hatda ondan hem beýikde duýmakdan başga näme ajaýyp zat bolup biler? Patrisiýa Kassyň sazyny diňläp, onuň gaýtalanmajak “R” bilen bilelikde pelteklemek. Sowuk şampan süzmek, özüňi mawy tolkunlaryň iň ýokary keýpi-sapalygynda duýmak, göwni açyk uçarman bilen gürrüňdeş bolmak ýa-da kuwwatly perganat ulagyň propellerleriniň sesinden lezzet almak.

 

AVIAV TM (Cofrance SARL) dikuçar kireýine almak — Lazur Poberežýe barada arzuwlar amala aşýan ýurduna gitmek, ony beýiklikden “bagryňa basmak” we birnäçe ýüz metr beýiklikden nazara alynýan, birnäçe pursatlyk onuň gözelliginiň doly hukukly eýesi bolmak bolup durýar. Bularyň ählisi özüňi adamzat mümkinçilikleriniň “beýikliginde” duýmak üçin ýeterlik bolýar.

Şöhratlygyň ýokary derejesinde

 Kanny öz myhmanlaryna, meşhur kinofestiwal, gämi-şou, gozganmaýan emlägiň halkara ýarmarkasy ýaly ýylyň dowamynda bu ýere syýahatçylaryň köp sanynyň ünsüni çekýän köp wakalary teklip edýär.

Festiwallaryň geçirilýän günlerinde, şäheriň golaýynda emele gelýän köp kilometrlere çenli uzaýan dyknyşyklary geçip, öz meýilleşdiren çäräňize ýa-da baýramçylygyňyza wagtynda barmak üçin Kanna, Nissanyň howa menzilinden dikuçar sargyt etmäge howlugyň.

Halkdan doly, glamur kenarýaka Kruazettiň üstünden dikuçarda gaýyp uçmak bilen siz özüňizi kinoýyldyz hökmünde duýarsyňyz.

 

AVIAV TM (Cofrance SARL) size şulary teklip edýär:

  • Şahsy garamagy,
  • Kinoýyldyzlar derejesindäki ýokary hilli hyzmaty,
  • Howa gämileriniň ägirt uly maglumatlat bazasyny,
  • Ähli şertleriň ýokary derejede berjaý edilmegini,
  • Isleg bildirseňiz howa gämisiniň bortunda iýmitlenme hyzmatlary bilen hem üpjün edýäris,
  • Gezelenjiň ýolbaşçysynyň, gidiň, terjimeçiniň hyzmatlaryny,
  • Ýokary derejeli uçarmanlar toparyny,
  • Isleg bildirseňiz dikuçary dolandyrmak boýunça master-klas,
  • Goşmaça hyzmatlary: awtoulagda daşamak, ýerleşdirmek, Fransiýanyň Lazurny Bereginde şagalaňly meýilnama,
  • Doly gizlinligi,
  • Elýeter we amatly bahalary,
  • Gatnaw wagtyndaky howpsuzlygy,
  • Öz hemişelik müşderileri üçin arzanladyş we aýratynlyklary.

Kenarýaka Kruazettiň üstünden gowy gatnaw üçin bellenen wagtda we sagatda gelşikli we syratly uçarman trapyň ýanynda dikuçara münmek üçin garaşar. Şeýle-de hem bu gatnawy Lerins adalaryna we Esterel gaýalaryna bolan gyzykly gezelençleri bilen doldurylmagyňyz mümkin. Howa gämisiniň kapitany howpsuzlyk tehnikasy barada gürrüň berer we ak ýol üçin bulgurlary köpürjikläp duran şerap bilen doldurar!

 

Lazur Poberežýe baradaky siziň batyrgaý arzuwlaryňyzyň kadasy boýunça ýerine ýetiriljegine  ynanyp bilersiňiz!

t98books

Comments are closed.