Ertekidäki adalaryna howada syýahat etmek

Ertekidäki adalaryna howada syýahat etmek

Fransiýadaky Lazur Poberežýeniň ýanynda ýerleşýän Lerins adalary, özüniň gelip çykyşynyň syrlylygy we taryhy, romantikasy, tebigatynyň ellenmedik gözelligi we başga dünýä mahsus bolan gaýtalanmajak duýgusy bilen özüne çekýär. Eger-de, siz ol ýere baryp görmek isleseňiz, awiasiýa pudagynda Ýewropanyň ynamdar AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynyň ajaýyp tekliplerinden peýdalanmagyň we Lerins Adalary, dikuçar gezelençleri barada düşünje almagyň tüýs wagty bolup durýar.

 

Pyrtykaldan öndürilen likýor, syrlar we ada gelýänlere sypaýy garaýan ýerli mollalar bilen gürrüňler, sistersian ybadathanalary, ägirt uly serwi agaçlary, asyrlar boýy ýaşap gelýän dub, sosna, liana agaçlaryy we demir maskaly adamlaryň tussaghanasy – diňe şu zatlar bilen Lerins adasy meşhur. Bu zatlar guş uçar beýiklikden synlanyňda ajaýyp bolup görünýär. Eger-de siz öň bu “tropiki jennete” eýýam baryp gören bolsaňyz, we Lerins adalaryna ýerdäki gezelenjiň teklip edýän bu ähli täsinlikleri barada eýýam bilýän bolsaňyz hem, howadaky gezelenç size düýbünden täze täsirlenmeleri we duýgylary sowgat edýär we tebigy goraghanasy adyna eýe bolan meşhur arhipelaga başgaça garamaga ýardam edýär.

Lerins Adalary we dikuçardaky gezelençler doglan güne ýa-da başga-da belli senä üýtgeşik sowgat, birnäçe müň metr beýiklikde duýgularyň jadysyny, tasin galdyryjy peýzažyň fonunda göz öňüňe gelmejek duýgulary başdan geçirýän aşyk-magşuklar üçin romantiki açyş bolup durýar. Fransiýada, baş aýlandyryjy beýiklikde Leriniň ybadathanasynyň üstünde öz söýgiňizi boýun almakdan başga näme ajýyp zat bolup biljek? Ýa-da nika ýüzügiňizi dikuçaryň şturwalynyň aňyrsynda bukup, öz saýlan ýaryňyza durmuşa çykmagyny teklip etmek?

Fransiýanyň Lazur Poberežýesinde ýerleşýän Lerins adalary – Ortaýer deňziniň “gutyjygynda”gizlenen söýgi barada özboluşly elegiýa bolup durýar. Tutuş arhipelagyň adalarynyň içinde diňe iki sanysynda ýaşaýyşyň bardygyny bellemek gerek, beýlekileri bolsa öz mukaddes syryny we romantikasyny gizlinlikde saklamagy dowam edýär.

Wintiň aşagynda – nätanyş dünýä

Lerins adalary köplenç ýeriň ýüzündäki täsin, hemişe gök öwüsýän, el degirilmedik jennet bilen deňeşdirilýär. Onuň gözelligine we ilki dörän şarmyna diňe beýiklikden dikuçarda synlap baha bermek mümkin. Dikuçar arhipelagyň çaginde haýaldan aýlanar we adaty syýahatçylaryň gözünden gizlin we pyýadalar ýodajygynyň we awtoulag üçin ýollarynyň bolmadyk her bir ýeriň panorama görnüşin howlukmany synlamaga mümkinçilik berer. Bu ýere diňe howa ýollary arkaly, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň toparynyň kömegi bilen gelmek mümkin.

 

Alp daglarynynň deňiz ýakasynda ýerleşýän Lerins adalary, kenarýaka Kruazettinden birnäçe “ädimde” ýerleşýär we Kanny we Huan bogazlary arasyndaky tebigy araçäk bolup durýar.

 

Eger-de, Kanndan ýa-da Nissadan Lerins adalaryna dikuçarda gezelenji sargyt etmegi saýlasaňyz, mawy suwly tekizligiň we lazur gök asmanyň arasynda deňagramlylygy saklamak bilen, siz, Ortaýer deňziniň üstünden uçup geçersiňiz. Bu howadaky syýahat Esterel massiwiniň gyzyl gaýalarynyň ugrundan hem alyp geçýär, we siz, geçmişde wulkan bolanlygy barada şaýatlyk edýän gülleriň gaýtalanmajak “festiwaline” seredip lezzet alyp bilersiňiz.

 

5 sany ýolagçysy bar bolan dikuçaryň ýokary tizligi 220 km/sag ýetýär, emma, Lerins adalarynyň ähli ownuk-uşak ýerlerini hem synlamak mümkinçiligiňiz bolmagy üçin, uçarman gürrüňsiz haýal we emaý bilen howa gämisini dolandyrar.

AVIAV TM (Cofrance SARL) teklip edýär:

  • Gaýtalanmajak dikuçar gezelençlerini,
  • Dürli sygymy bolan howa gämileriniň ägirt uly sanyny,
  • Rahatlygy we howpsuzlygy, doly gizlinligi,
  • Ýakymly we demokratiki bahalary,
  • Hemişelik müşderileri üçin arzanladyşy,
  • Ýokary derejeli hyzmaty.

 

Guş uçar beýikliginden synlamak bilen, Lerins adalarynyň fantastiki dünýäsiniň ilkinji açyş eden adamy boluň!

t98books

Comments are closed.