“Altyn kertiň” üstünden uçup geçmek

“Altyn kertiň” üstünden uçup geçmek

Esterel gyzyl gaýalaryna dikuçarda syýahat etmek ilki bilen gül görnüşli fantastiki dünýäsine syýahat etmek bolup durýar: käwagtlar altyn öwüşgini berýän kerpiç-gyzyl reňkler, käwagtlar bolsa tebigy kert gaýalaryň goňur reňki, ýaşyl sosnalar, gögümtil-mawy suwlar, alyslara gözýetimiň aňyrsyna gidýän we deňiz bilen utgaşyp gidýän asmanyň göz gamaşgyryjy gök reňki.

 

Eger-de siz hakyky fransuz romantikasyny başdan geçirmek isleseňiz, impressionistleriň suratyndan galan ýaly, dok goýy reňkli täsin tebigy peýzažlary görmek isleseňiz, Ýewropanyň awiasiýasynyň ynamdar araçy AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna jaň edip ýa-da siziň üçin oňaýly bolan islendik görnüşinde habarlaşyp Estereliň gyzyl gaýalaryna howada gezelenji sargyt etmegiň tüýs wagty.

Syrly Esterel massiwi (fr. Massif de l’Esterel) gije-gündiziň wagtyna baglylykda reňklerini üýtgedýändigi örän gyzykly. Hut şonyň üçin hem syýahatçylaryň başdan geçirýän täsirlenmeleri irden, gündiz we agşam dürli bolýar. We, elbetde, dürli pasyllarda hem dürli bolýar. Esterel gyzyl gaýalaryna birnäçe dikuçar syýahatlaryny amala aşyrmagy teklip edýäris we siziň özüňiz dürli pasyldaky we gije-gündiziň dürli wagtyndaky duýgularyňyzy deňeşdirip bilersiňiz. Fransiýanyň Lazur Beregine dolanmak hemişe-de ýakymly bolup durýar!

Gi de Mopassan Esterel gaýalary barada, “butafora asmanynyň fonunda akwarel bilen myhmansöýer döredijiniň eli bilen” çekilen surat hökmünde aýdýardy. Hakykatdan hem nämedir bir ägirt uly we beýik zady duýmak, ilki dörän esasy pikiri Estereliň gyzyl gaýalaryna baryp gören her bir adamynyň başyndan geçýär. Hususanda muny, guş uçar beýiklikden synlanyňda, “çuň” panoramanayň her bir ownik bölegini duýup bolýan wagtynda, haçanda her bir beýik gaýanyň we serilip ýatan deňiziň öwüşginini has aýdyň duýup bilersiňiz.

Her bir ädimdäki gözellik

 Estereliň gyzyl gaýalaryna dikuçarda gezelenç etmek – garakçylaryň ýodajyklary we gadymy syrlary bilen çagalar we ulylar üçin göz öňüňe getirip bolmajak reňkleriň gammasynyň fantastika dünýäsine syýahat etmek bolup durýar. Bu aşyk-magşuklaryň romantiki syry, döredijilik şahslary üçin hakyky açyş we ýönekeýje ýürekden dynç almak bolup durýar. Hut şular ýaly akyla sygmajak sowgady hem AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy size teklip edýär. Biziň kompaniýamyz şu aýratynlyklary bilen meşhurdyr:

  • Her bir müşderä aýratyn garamaklygy,
  • Hyzmatlaryň ýokary hili,
  • Öz toparynyň başarjaňlygy,
  • Minnetdar müşderileriniň köp sanly täsirlenmeleri,
  • Çözgütleriniň ýerbe-ýerligi we öz wagtlylygy,
  • Howa gämileriniň we ugurlarynyň köp görnüşligi,
  • Goşmaça hyzmatlar toplumy: gid, terjimeçi we howa gämisiniň bortunda iýmitlenme hyzmatlary,
  • Ynamdar gatnaşyklary we öz hemişelik müşderileri üçin arzanladyşlary.

Eger-de siz Fransiýanyň Lazurny Bereginde ýa-da Ýewropanyň başga-da bir şäherinde, ýa-da bolmasa Rusýada ýerleşýän hem bolsaňyz, we jadyly Esterel gyzyl gaýalaryna dikuçarda gitmegi arzuw edýän bolsaňyz, öz arzuwyňyzy soňa goýmaň. Sebäbi bu fantastiki gaýalar her minutda öz keşbini üýtgedýärler, we iň gyzyklysyny deňiňizden geçirmegiňiz mümkin. AVIAV TM (Cofrance SARL) jaň ediň ýa-da siziň üçin has oňaýly bolan islendik usuly bilen biziň hünärmenlerimize ýüz tutuň: internet arkaly ýa-da biziň internet sahypamyzda talapnama bermek arkaly. Biz hepdäniň bar bolan 7 güni we gije-gündiziň dowamynda aragatnaşykda.

 

Özüne maýyl ediji Esterel gyzyl gaýalarynyň romantiki dünýäsine hoş geldiňiz!

t98books

Comments are closed.